Türkmenistanda häkimiýet halky akylly we azat bolmagy üçin däl, eýsem, boýun egýän, gorkak we hakykatdan üzňe bolmagy üçin işleýär. Ine, režimiň halky gözegçilikde saklamak üçin edýän işleri:
Garyplyk – dolandyryş guraly hökmünde
Garyp adam azatlyk üçin göreşmez — ol çörek üçin göreşer. Häkimiýete şu ýagdaý has amatly
Maglumatyň doly gözegçiligi
Internet çäklendirilen. Garaşsyz sahypalar we programmalaryň köpüsi petiklenen. Adamlar hakykaty okaýan, dürli pikirleri görýän ýa-da öwrenýän däldir. Diňe proýaganda bar.
Bilim – akyly ýapmak üçin ulanylýar
Mektepler tankydy pikirlenmegi öwretmeýär. Munuň ýerine çagalara häkimiýeti wasp etmek, « beýik ýurt » diýen ýalanlara ynanmak öwredilýär — garyplyga we işsizlige garamazdan.
Hakyky liderligiň ýerine şahsyýet kulty
Häkimiýet syýasatyň ýerine «milletiň liderini» döretdi. Suratlar, kitaplar, çykyşlar – hemme ýerde. Bu söýgi däl, bu gorky we mejburylyk.
Gorkuzma we gözegçilik
Adamlar gürlemäge gorkýarlar. Hatda öýde, hatda pessaý ses bilen. Her kimiň yzyndan seredilýär öýdýärler. Bu sistema gorkyny adaty ýagdaýa öwürdi.
Leave a Reply